Türkmen talyplary täze alyş-çalyş maksatnamalary boýunça Müsüriň ýokary okuw mekdeplerinde okap bilerler

MilliInfo

21 sagat öň

28-nji aprelde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly bilimiň ösdürilişi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, tebigy we takyk ylmy ugurlary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, bilim we innowasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de geljekki bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şolaryň hatarynda professor-mugallymlaryň, talyplaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, bilelikdäki seminarlary guramak, sanly tehnologiýalar we «emeli aň» ugurlarynda ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmak ýaly meseleler bar.

Hususan-da, müsür tarapyndan iki ýurduň Bilim ministrlikleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn resminamalary baglaşmak mümkinçiligini öwrenmek maksatly göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklaryň guralmagy, Müsür Arap Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak maksatly türkmen tarapyna talyp ýerleriň hödürlenilmegi, halkara gatnaşyklary hem-de arap dili hünäri boýunça bilim alýan türkmen talyplary üçin gysga möhletli okuwlaryň ýola goýulmagy teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hödürlenen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde iş alyp barmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info