27-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry öz işine başlady. 2-nji oktýabra çenli dowam etjek bu bäsleşik indi iki ýyl bäri yzly-yzyna Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemledi.
Şu ýylky olimpiadanyň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bolup durýar. Jemleýji hepdäniň dowamynda panel maslahatlary, ussatlyk sapaklary we tanymal bilermenler bilen duşuşyklar ýaly çäreleriň 100-den gowragynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşýarlar.
Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösýän zamanynda maliýe serişdelerini, şahsy maglumatlary we sanly hyzmatlary kiberhowplardan goramak her bir döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Bu olimpiada gatnaşmak bolsa talyplarymyza dünýä tejribesini öwrenmäge, dürli ýurtlardan öz deň-duşlary bilen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredýär.
