Bütindünýä saglyk güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rumyniýada kiçi futbol (mini-futbol) boýunça dostluk ýaryşy geçirildi.
Bäsleşige Rumyniýada okaýan türkmen talyplary we şol ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Çäre türkmen ýaşlarynyň işjeň ýardam bermeginde guraldy.
Ýaryşyň başynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we köpçülikleýin sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýratyn ähmiýeti bellenip geçildi. Birinjilikde Rumyniýanyň dürli şäherlerinden, şol sanda Buharestden, Oradýadan, Timişoaradan we Kluž-Napokadan gelen ýedi topar bäsleşdi.
Gyzgalaňly geçen duşuşyklaryň netijesinde, baýrakly orunlara eýe bolan toparlar:
1-nji orun: «Turan» topary (Kluž-Napoka ş.);
2-nji orun: «Arkadag» topary (Buharest ş.);
3-nji orun: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň topary.
Ýaryşyň ýeňijilerine, baýrakly orunlary eýelän toparlara we iň oňat oýunçylara kuboklar, medallar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.