Türkmen talyplary Hytaýda «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde öňdäki üçlüge girdiler

MilliInfo
Türkmen talyplary Hytaýda «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde öňdäki üçlüge girdiler

Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde «Huawei» kompaniýasy tarapyndan gurnalan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýa ugurlary boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşige «Practical competition network tracking» ugry boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Şirmuhammet Wepaýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Arslan Italmazow we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow hem-de Gurban Orazmämmedow gatnaşdy.

«Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşigine dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan, 2 000-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 1180000-den gowrak talyp we halypa mugallym gatnaşdy. Bäsleşik birnäçe tapgyrlardan ybarat bolup, ilkinji tapgyry ýurt içinde guraldy. Ikinji tapgyr sebitleýin derejede geçse, 3-nji bütindünýä tapgyry 40-dan gowrak ýurtdan saýlanan 170 topary emele getiren 500 gatnaşyjyny Şençžen şäherinde jemledi.

Bäsleşigiň «Practical competition network tracking» ugrunyň esasy maksady korporatiw ulgamlary taslamak, sazlamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ukyplaryny toplumlaýyn barlamakdan ybarat bolup, onuň jemleýji tapgyry laboratoriýa şertlerinde sekiz sagatlyk amaly synagy öz içine aldy. Şeýlelikde, 25 ýurtdan gelen gatnaşyjylar hakyky wagt rejesinde torda routing, optimizasiýa işlerini sazlamak we arhitektura näsazlyklaryny aradan aýyrmak boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekde bäsleşdiler. Netijede Türkmenistanyň talyplary bütindünýä «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşiginde «Practical competition network tracking» ugry boýunça 3-nji orna mynasyp boldular.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info