Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow –2026» Uniwersiadasynda ýokary netijeleri görkezip çykyş etdiler.
Uniwersiadanyň lingwistika ugrunda biziň talyplarymyz 11 sany: 3 birinji we 8 ikinji orny eýelediler.
Birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 3-nji ýyl talyby Gunça Musaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl magistranty Ýaran Hudaýberdiýew we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Leýli Romanowa mynasyp boldular.
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary – Aýmaral Jumabaýewa (3-nji ýyl), Leýli Durdyýewa (2-nji ýyl), Kristina Semenowa (3-nji ýyl), Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Muhammet Nurmämmedow (1-nji ýyl), Läle Rzagulyýewa (4-nji ýyl), Züleýha Orazowa (4-nji ýyl), Bägül Orazmyradowa (3-nji ýyl), şeýle hem Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Kamila Hudaýbergenowa ikinji orna mynasyp boldular.
Intellektual bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Gaýybana geçirilen birinji, saýlama tapgyrynda oňa gatnaşyjylara lingwistika boýunça özbaşdak ylmy barlagyň tezisli beýannamasyny ýazmak işi berildi. Uniwersiadanyň baryp gatnaşmak arkaly Moskwada geçirilen ikinji, jemleýji tapgyry saýlap alanyňa baglylykda, daşary ýurt dili boýunça lingwistik ýumuşlary özünde jemledi.
Uniwersiadanyň çäklerinde türkmen talyplary rus, iňlis we fransuz dillerini ajaýyp bilýändiklerini görkezdiler. Çäräniň guramaçylary hem daşary ýurt dilleri boýunça olaryň taýýarlygynyň ýokary derejededigini bellediler.
Bäsleşigiň finalynda ýokary okuw mekdepleriň 5-sinden talyplarymyzyň 29-sy ýurdumyza wekilçilik etdiler. Talyplardan ybarat milli toparymyza iki sany ýolbaşçy-mugallymlar: D.Azady adyndaky TMDDI-niň rus edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Maýsa Ataýewa hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewa ýolbaşçylyk etdiler.
«Lomonosow» Uniwersiadasynyň lingwistika ugrunda Türkmenistanyň talyplary eýýäm dördünji gezek gatnaşýarlar we hemişe mynasyp netijeleri görkezýärler.
Uniwersiada, däp boýunça, dört ugur: «Lingwistika», «Russiýanyň sebitlerini öwreniş», «Daşary ýurt sebitlerini öwreniş» we «Medeniýeti öwreniş» boýunça geçirilýär. Halkara gözden geçiriliş her ýyl ynsanperwer ylymlaryň zehinlerini – dünýäniň dürli ýurtlaryndan taýýarlygyň bakalawr, hünärmen ugurlarynyň talyplaryny, magistraturanyň, aspiranturanyň diňleýjilerini hem-de ýaş hünärmenleri bir ýere jemleýär.
«Lomonosow» Uniwersiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň hünär taýdan ösmeklerine ýardam bermek, talyplary magistraturada we aspiranturada okuwlaryny dowam etmäge çekmek, şeýle hem Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň we alysdaky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.
