Türkmen talyplary «IMC-2026» halkara matematika olimpiadasynda 9 medal gazandylar

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmen talyplary «IMC-2026» halkara matematika olimpiadasynda 9 medal gazandylar

Türkmen talyplary 27-nji iýul — 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandylar.

Olimpiada London Uniwersitet Kolleji (Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen Bolgariýadaky Amerikan Uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Abraýly bäsleşikde Türkmenistanyň wekilleri ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, matematika boýunça ýokary taýýarlygyny görkezdiler. Netijede, milli ýygyndymyzyň wekilleri jemi 9 medala – 6 altyn we 3 kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary girdi.

Olimpiada iňlis dilinde iki tapgyrda geçirildi. Her tapgyrda gatnaşyjylara çylşyrymlylygy ýokary bolan 5 mesele hödürlenildi. Bäsleşigiň ýumuşlary matematiki seljerme, çyzykly we abstrakt algebra, funksional seljerme, seljeriş geometriýasy, kombinatorika hem-de sanlar nazaryýeti ýaly ugurlary öz içine aldy.

Türkmen talyplarynyň «IMC-2026» halkara olimpiadasynda gazanan üstünligi ýaş nesliň ýokary intellektual mümkinçiligini, geljekki hünärmenleriň berk taýýarlygyny hem-de milli bilim ulgamynyň ýokary derejesini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

«IMC» (International Mathematics Competition for University Students) olimpiadasy 1994-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we her ýyl dünýäniň onlarça döwletinden ýüzlerçe zehinli talyby birleşdirýän iň abraýly halkara matematika bäsleşikleriniň biridir.

Şu ýylky olimpiada ABŞ-dan, Russiýadan, Angliýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Hytaýdan, Eýrandan, Hindistandan, Saud Arabystanyndan, Meksikadan, Braziliýadan, Argentinadan, Singapurdan, Azerbaýjandan, Wengriýadan, Polşadan, Rumyniýadan, Günorta Afrikadan, Müsürden, Awstraliýadan, Täze Zelandiýadan, Alžirden, Tunisden, Bolgariýadan, Gruziýadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Türkmenistandan we beýleki döwletlerden (umumy 47 ýurtdan), takmynan, 450 talyby jemledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info