Türkmenistanly tennisçi gyzlar Bahreýniň Isa-Taun şäherinde tamamlanan 14 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 17 ýurduň wekilleri gatnaşdy.
On iki ýaşly Sülgün Işangulyýewa iordaniýaly A.Gokaşawa garşy oýnan oýnunda kümüş medal gazandy. Bu üstünlige ýetmek üçin türkmen-iordan jübüti russiýaly T.Korotçenkony we Taisiýa Zubkowany 6:2, 6:0, Obri Kadirden (Indoneziýa) we Zara Firmandan (Malaýziýa) ybarat halkara jübütini 6:2, 6:2 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda bolsa hindistanly Padmapriya Rameş we Şazfa SK jübütlerine garşy çykyş edip, 4:6, 7:6(1), 10:6 hasabynda ýeňiş gazandy. Finalda S.Işangulyýewa we A.Gokaşau rus-eýran jübüti S.Himmelreýh we Aýlin Mohammadiandan 3:6, 3:6 hasabynda asgyn gelip, ikinji orny eýelediler.
Ýekelikdäki ýaryşyň baýraklary ugrunda gyzlaryň arasynda örän dartgynly göreş boldy. Bu ýerde meýdança bahreýnli, gonkongly, hindistanly, indoneziýaly, iordaniýaly, eýranly, gazagystanly, hytaýly, gyrgyzystanly, malaýziýaly, russiýaly, saudly, ABŞ-ly, türkmenistanly, özbegistanly, filippinli we ýaponiýaly türgenler çykdylar.
Bu ýaryşda ildeşlerimiziň iň gowy netijesini Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa gazandy. Ol ilkinji duşuşygynda Jaani Bhandarini (Hindistan) 6:0, 6:4 hasabynda, ikinji duşuşygynda russiýaly S.Himmelreýhi 6:4, 6:0 hasabynda, üçünji duşuşygynda bolsa Hindistanyň Şazfa SK-ny üç setde 7:6(6), 3:6, 6:4 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda Näzli ýaryşyň ýeňijisi Meňsýao Liden (Hytaý) 1:6, 4:6 hasabynda ýeňildi, üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa Çiho Şiraýadan (Ýaponiýa) 5:7, 2:6 hasabynda utuldy we ilkinji dörtlüge düşdi. Bu 19-njy fewralda 13 ýaşy doljak N.Hudaýgulyýewa üçin «ATF Bahrain 14 & Under Category A» bäsleşiginde gazanylan ajaýyp netijedir.
Belläp geçmeli zat, «ATF Bahrain 14 & Under Category A» görkeziji ýaryşlarynyň biri bolmak bilen, onda üstünlik gazanmak ýylyň netijesi boýunça «Uimbledon» ýetginjekler we «Australian Open 2027» ýetginjekler ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer. Bahreýnde geçirilen ýaryşyň başynda Näzli Hudaýgulyýewa Aziýanyň ýetginjekler görkezijisinde 19-njy, Sülgün Işangulyýewa bolsa 52-nji orny eýeleýärdi. Bu ýaryşdaky utuklar jemleneninden soň, Näzliniň Aziýada iň ökdeleriň onlygyna girmegine garaşylýar.
Ýaşlygyna garamazdan, Näzli Hudaýgulyýewa we Sülgün Işangulyýewa birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Geçen ýyl Fergana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli türgenleriniň arasyndaky birinjilik ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde olar taryhda ilkinji gezek özbegistanly garşydaşlaryny ýeňip, Aziýanyň finalyna çykmaga hukuk gazandylar.