Türkmen tennisçileri Tailandda 4 medal gazandylar

MilliInfo

15 Awgust, 2025

Türkmen tennisçileri Tailandyň Nonthabury welaýatynda geçirilen 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasyndaky halkara ýaryşyň üç altyn hem-de bir bürünç medallaryna eýe boldular.

Aziýanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryş 12 ýurtdan bolan ýaş türgenleri bir ýere jemledi. Şolaryň hatarynda Awstraliýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan hem-de Singapurdan bolan tennisçileriň hem bardygyny bellemek gerek.

Altyn medallaryň ikisini Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 13 ýaşly okuwçysy Aly Geldiýew eýeledi. Ol ýekelikdäki bäsleşikde hemmelerden rüstem çykdy. Ilki Tailanddan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan hem-de Gonkongdan bolan tennisçileri ahmyrda goýsa, finalda gonkongly Şiwa Mohany 6:3, 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.  

Aly ikinji altyn medalyny jübütleýin ýaryşda gazanyp, ol bu üstünlige Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikde ýetdi. Türkmen jübüti Şri-Lankanyň, Saud Arabystanynyň, Tailandyň toparyny ýeňdi. Finalda bolsa tailand duetleriniň ýene birinden 7:5, 6:4 hasabynda üstün çykdy.

Paýtagtymyzdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli çagalar mekdebiniň 13 ýaşly okuwçysy Aýlara Kakabaýewa gyzlaryň ýaryşyny altyn medal bilen jemledi. Ol bassyr bäş ýeňşe eýelik etdi. Türkmen gyzy finalda tailandly P.Daungkhlawy ýeňmegi başardy.

Anna Ponýatowa ýurdumyzyň baýrak gaznasyna bürünç medal getirdi. Ildeşimiz üçünji orun ugrundaky duşuşykda Gonkongdan bolan garşydaşyndan — Lam Çeukdan üstün çykdy.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowanyň Almaty şäherinde geçirilen Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 16 ýaşa çenli tennisçileriniň arasyndaky ýetginjekleriň «Roland Garros» saýlama ýaryşynyň deslapky tapgyrynyň ýarym finalyna çykandygyny hem bellemelidiris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo