Bassyr üçünji ýeňşi Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysyny Dewisiň Kubogynyň pleý-off tapgyryna çykardy

MilliInfo

26 Mart, 2026

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýa we Okeaniýa zolagynda geçirilýän saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyşlaryny dowam etdirýärler. 15 toparyň gatnaşmagynda Şri-Lankanyň paýtagty Kolomboda geçirilýän ýaryşda biziň ildeşlerimiz ýokary netijeleri görkezýärler.

Omanyň (3:0) we Mýanmanyň (2:1) toparlaryny ahmyrda goýan türkmen ýygyndysy ýaryşdaky üçünji ýeňşine hem ýetmegi başardy. Ildeşlerimiz ikinji orunda ýerleşen Singapury hem 2:1 hasabynda ýeňdiler we «B» toparçada birinji orny eýelediler.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Singapur wagtyndan öň çärýekfinala çykmagyň hötdesinden geldiler. Şonuň üçin hem, olaryň arasyndaky duşuşyk diňe kimiň birinji ýa-da ikinji ýerden çykjakdygyny kesgitlemeli boldy.

Duşuşyk iki topar üçin hem ýeňil bolmady. Birinji ýekelikdäki duşuşyk 1 sagat 28 minut dowam etdi we Süleýman Hudaýberdiýew Jastin Liden 2:6, 3:6 hasap bilen utuldy. Şeýlelikde, hasap Singapuryň peýdasyna 1:0 boldy. Ýagdaýy Mýanma bilen oýunda bolşy ýaly, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew düzetdi. Onuň Andre Garnadi bilen geçiren oýny gaty dartgynly bolup, 3 sagat 22 minut dowam etdi we şol günüň ähli duşuşyklarynyň arasynda wagt rekordyny goýdy. Aly güýçli häsiýetini görkezmek bilen birinji seti taý-breýkde 7:6(5) hasaby bilen utdy, ikinji setde hem 6:4 hasabynda ýeňip, umumy netijäni 1:1 etdi.

Şeýle-de bolsa, synaglar munuň bilen tamamlanmady. Ýeňiji tarapy kesgitlejek jübütleýin oýun Aly Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýew üçin ýeňil başlamady — olar ilkinji setde 4:6 hasaby bilen utuldylar. Muňa garamazdan, gysga wagtda güýç toplap, oýnuň gidişini üýtgetdiler: olar ikinji setde 6:4, super taý-breýkde 10:8 hasaby bilen umumy ýeňşi ýetdiler.

Türkmen ýetginjekleri erk-islegiň netijesinde gazanylan ýeňşiň esasynda, «B» toparçadan birinji orun bilen çärýekfinala çykdylar. Indiki tapgyrda olar Filippinler topary bilen duşuşarlar. Filippinler öň Laosyň (2:1) we Guamyň (3:0) toparlaryny ýeňipdi, emma soňky tapgyrda Malaýziýadan 0:3 hasaby bilen utulyp, «C» toparçada ikinji orny eýeledi.

Beýleki çärýek final duşuşyklary: Şri-Lanka — Okeaniýa, Malaýziýa — Singapur we Saud Arabystany — Wýetnam.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info