Türkmen agyr atletikaçylary Kolumbiýada geçýän ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda

MilliInfo

10 sagat öň

Türkmen agyr atletikaçylary Kolumbiýada geçýän ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda

Kolumbiýanyň Kali şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlanýar. Oňa Türkmenistandan ýedi türgen gatnaşýar.

Ýaş oglanlaryň arasynda Kerem Gurbandurdyýew we Atabek Azamatow (60 kg çenli agram derejesi), Şahin Hudaýbergenow (65 kg çenli) hem-de Dawut Kakageldiýew (79 kg çenli) medallar ugrunda bäsleşerler.

Gyzlaryň ýaryşynda bolsa Şabnam Kerimbaýewa we Ogulşat Amanowa (53 kg çenli), şeýle hem Gülzada Berdimuhammedowa (58 kg çenli) Türkmenistanyň adyndan çykyş ederler.

Geçen ýyl Peru döwletiniň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndysy 10 medal gazanypdy. Şolaryň 7-si kümüş we 3-si bürünç medaldy.

Topara iň uly üstünlikleri Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndan Kakamyrat Annamyradow, «Olimp» sport mekdebiniň türgeni Didarbek Jumabaýew hem-de Mary welaýatyndan Yslam Akmyradow getirdi. Olaryň her biri üç medal gazandy.

73 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Kakamyrat Annamyradow silterläp götermekde (130 kg) bürünç, itekläp götermekde (160 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (290 kg) kümüş medallara mynasyp boldy.

81 kg agram derejesinde 15 türgeniň arasynda bäsleşen Didarbek Jumabaýew silterläp götermekde (137 kg), itekläp götermekde (168 kg) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça (305 kg) kümüş medallary gazandy.

7 agyr atletikaçylaryň gatnaşmagynda 96 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Yslam Akmyradow bolsa silterläp götermekde (141 kg) kümüş, itekläp götermekde (175 kg) bürünç we iki görnüşiň jemi boýunça (316 kg) ýene-de kümüş medal eýeledi.

Toparyň ýene bir wekili, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 104-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulşat Amanowa 55 kg çenli agram derejesinde itekläp götermekde (101 kg) bürünç medal gazandy. Ol silterläp götermekde 79 kg netije bilen altynjy orny eýeledi, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 180 kg netije bilen dördünji boldy. Şeýlelikde, ol bürünç medal gazanan moldowaly Nikoleta Kožokarudan bary-ýogy 2 kilogram yza galdy (182 kg – 82+100).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info