Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň — himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň we barlaghana müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda toprakdaky metan zyňyndylaryny zyýansyzlandyrmak üçin özboluşly biopreparat işläp düzendiklerini «Altyn asyr» habar berýär.
Bu tehnologiýanyň esasynda sebitiň howa şertlerine doly uýgunlaşan, metany okislendiriji (turşadyjy) ýerli bakteriýa ştammlary durýar. Metanmonooksigenaza fermentiniň kömegi bilen mikroorganizmler howply metany howpsuz kömürturşy gazyna we suwa öwürýärler. Ulanyşyň amatlylygy üçin bakteriýalar ýerli çig mal bilen utgaşdyryldy we olar üçin goragly mikrogurşaw döredildi.
Täze işläp taýýarlamanyň esasy artykmaçlyklary — senagat agramy ýokary bolan sebitlerde gazyň takyk (nokatlaýyn) zyýansyzlandyrylmagy, ýerli çig malyň ulanylmagynyň hasabyna doly importuň ornuny tutmagy, şeýle hem ynsan, haýwanat dünýäsi we tebigat üçin howpsuzlygy hem-de zäherli däldigidir.
Metan syzyşmalarynyň öňüni almak örän möhümdir, sebäbi onuň atmosfera we ekoulgamlara ýetirýän zyýany kömürturşy gazynyň (CO₂) täsirinden onlarça esse köpdür. Türkmen alymlarynyň bu taslamasy ekologiýa strategiýasyny amala aşyrmakda we Türkmenistanyň goşulan Ählumumy metan borçnamasynyň maksatlaryny berjaý etmekde möhüm ädim boldy.
