Türkmen alymlary täze fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar

MilliInfo

19 sagat öň

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Alunityň, tozganyň (Taraxacum officinale) we rozmariniň (Rosmarinus officinalis) fitomineral bejeriş geli» atly işläp taýýarlamak tehnologiýasyna awtorlyk hukugyny bellige aldy.

Ylmy gözlegiň awtorlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar barlaghanasynyň hünärmenleri A.Rahmanowa we D.Gadamowdyr.

— Toplumlaýyn bejeriş geli bu diňe bir döwrebap serişde däl-de, eýsem, tebigy lukmançylygyň dogry we ylmy çemeleşme bilen netijelidiginiň nyşanydyr. Alunit esasyny üpjün edýär, tozga ýumşaklygy, rozmarin bolsa energiýa berýär. Bilelikde olar deriniň janly agza bolup, dogry şertlerde özüni dikeltmäge ukyplydygyny ýatladýan sazlaşyklygy döredýärler – diýip, biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa belleýär.

Biotehnologiýalary işläp taýýarlamak we özleşdirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo