Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň halkara meýdançasy bolar

MilliInfo

15 Mart, 2026

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri binýatlyk ylmyň we bilimiň ösüş merkezi diýlip ykrar edilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guraýan «Lomonosow-2026» atly halkara ýaşlar ylmy forumyny geçirmäge gatnaşýarlar.

10–25-nji aprelde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde forumyň çäklerinde «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy maslahatyň bölümleri diňe bir Moskwada däl, eýsem uniwersitetiň hyzmatdaşlyk edýän ýokary okuw mekdepleriniň halkara meýdançalarynda hem işlär. Türkmenistanda ylmy maslahatyň halkara meýdançasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda guralar.

Geçen ýyl Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda iki bölümçe işlän bolsa, bu ýyl onuň halkara meýdançasy giňeldildi: ylmy maslahatyň işi ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdebinde ylmyň dört ugry boýunça alnyp barylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty dört ugur «Daşary ýurt dilleri we sebiti öwreniş», «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» hem-de «Filologiýa» ugurlary boýunça jogapkär gurama hökmünde çykyş edýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Himiýa» ugry boýunça işleri utgaşdyrýar.

Ylmy maslahata gatnaşmaga 35 ýaşa çenli ýaşly talyplar, magistrantlar, aspirantlar we ýaş alymlar çagyrylýar. Hasaba alyş 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynda amala aşyrylýar. Ylmy maslahatyň iş dilleri – rus we iňlis. Gatnaşmak tölegsiz. Forumyň işiniň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlar sertifikat alarlar, iň oňat ylmy işleriň awtorlary bolsa diplomlara mynasyp bolarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info