Türkmenistanyň žurnalistleriniň topary ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy bilen Missisipi halkara ösüş konsorsiumy tarapyndan guralan maksatnamanyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gulluk iş saparynda bolýarlar. Saparyň esasy maksady — emeli aňyň mediagurşawa ornaşdyrylyşyny öwrenmekden ybaratdyr.
Saparyň maksatnamasyna şular girýär:
Waşingtona sapar: emeli intellekt ulgamyndaky federal syýasat we onuň tehnologik ösüşe ýetirýän täsiri bilen tanyşmak.
Sebitleýin syýahat: neýroulgamlaryň (neyrosetleriň) redaksiýa işlerinde amaly taýdan ulanylyşyny öwrenmek üçin Sent-Luis, Sinsinnati we Täze Orlean şäherlerine baryp görmek.
Wekiliýet häzirki zaman žurnalistikasynyň möhüm wezipelerini çözmäge kömek etjek emeli intellektiň strategiýalaryny we gurallaryny özleşdirmäge esasy ünsüni gönükdirýär.