Türkmen emini Kristina Bersenýowa AFK-nyň zenanlaryň arasyndaky Çempionlar ligasynyň oýunlaryna eminlik etmäge çagyryldy

MilliInfo

8 Awgust, 2026

Türkmen emini Kristina Bersenýowa AFK-nyň zenanlaryň arasyndaky Çempionlar ligasynyň oýunlaryna eminlik etmäge çagyryldy

Malaýziýada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan guralan abraýly zenan eminler we olaryň kömekçileri üçin ýokary derejeli maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistandan halkara derejeli emin Kristina Bersenýowa gatnaşdy.

Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar oýnuň kadalary boýunça nazary bilimleriniň toplumlaýyn barlagyndan geçdiler we fiziki taýýarlyk kadalaryny tabşyrdylar. Türkmen emini ähli synaglardan üstünlikli geçip, ýokary netijeleri görkezdi.

Görkezilen ýokary netijäniň esasy miwesi Kristina Bersenýowanyň AFK-nyň zenanlaryň arasyndaky Çempionlar ligasynyň oýunlaryna eminlik etmäge resmi taýdan çagyrylmagy boldy. Bu üstünlik ýurdumyzyň eminler korpusynyň halkara sport meýdançasyndaky ösüşinde möhüm tapgyr boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info