Türkmenistanly emin VAR ulgamy bilen bagly okuw maslahatyna gatnaşýar

MilliInfo

3 Dekabr, 2025

Türkmenistanly FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 1-5-nji dekabr aralygynda halkara derejeli eminleriň gatnaşmagynda Daşkent şäherinde geçýän VAR ulgamy bilen bagly halkara okuw maslahatynyň ikinji modulyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna (AFK) girýän birnäçe döwlete wekilçilik edýän FIFA-nyň eminleriniň gatnaşmagynda geçirilýän okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar futbol duşuşyklarynda döreýän çylşyrymly pursatlara VAR ulgamy arkaly seljeriş işlerini geçirip, dogry netije çykarmak babatynda bilimlerini artdyrýarlar.

Bu okuw-maslahatynyň Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasynyň Daşkent şäheriniň golaýynda ýerleşýän döwrebaplaşdyrylan okuw merkezinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Şu ugurdaky okuw maslahatynyň birinji moduly hem Daşkent şäherinde geçirildi.

Häzirki wagtda AFK tarapyndan geçirilýän halkara ýaryşlarda eminlik edýän FIFA-nyň emini R.Mämmedow VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyny üstünlikli tamamlan ýagdaýynda AFK-nyň Çempionlar ligasy Elit bäsleşiginde eminler toparynyň düzümine goşulmaga mümkinçilik alar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo