Türkmen telekeçileri ulag we logistika boýunça 25-nji ýöriteleşdirilen «Trans EXPO 2026» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, bu çäre 4–6-njy sentýabr aralygynda Ýerewan şäherinde guraljak giň gerimli «ARMENIA EXPO» forumynyň çäklerinde geçiriler.
Serginiň esasy ugurlary:
Ulag we logistika: ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak we ekspeditorçylyk hyzmatlary.
Awtoindustriýa: awtomobil we mototehnikalaryň täze modelleriniň, ätiýaçlyk şaýlarynyň, awtohimiki serişdeleriň hem-de hyzmat ediş merkezler üçin enjamlaryň tanyşdyrylyşy.
Tehnologiýalar: logistika ulgamynda telematik ulgamlaryň we innowasion aragatnaşyk çözgütleriniň ornaşdyrylmagy.
Bu sergi türkmen telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlary tapmak, hünär tejribesini alyşmak we pudagyň iň döwrebap meýilleri bilen tanyşmak üçin amatly meýdança bolar.