Türkmenistanyň hususy pudagy Ýewropadaky mümkinçiliklerini giňeldýär

MilliInfo

Türkmen telekeçileriniň Beýik Britaniýa amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Londonda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnamalara we ähtnamalara gol çekildi. Işewürlik missiýasy we «UK–Turkmenistan B2B Exchange» atly pudaklaýyn çäre Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işjeň ýardam bermeginde «TurkmenExpo» kompaniýasy, Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy we «MAP Centre» tarapyndan guraldy.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň «Takyk Abzal» kompaniýasy tarapyndan Beýik Britaniýanyň nebit-gaz pudagynyň wekili bolan «Somer Industrial Projects» kompaniýasy, şeýle-de «Chartered Institute of Professional Certifications» instituty bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlup, degişli ylalaşyklara gol çekdi. Öz gezeginde, ýurdumyzyň «ALSAT» kompaniýasy Singapuryň «BTFV» wençur gaznasynyň Londondaky şahamçasy we Horwatiýanyň «Consulio» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklary berkitdi.

Işewürlik missiýasynyň çäklerinde bilim we sergi gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. «Perzent» bilim merkezi, şeýle hem «TurkmenExpo» we «Türkmen Kongress» hojalyk jemgyýetleri abraýly Britan dolandyryş uniwersiteti (British Management University — BMU) bilen özara düşünişmek baradaky ähtnamalara gol çekdiler.

Türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň paýtagtyna sapary 2026-njy ýylyň 11–15-nji maýy aralygynda dowam edýär. Gazanylan ylalaşyklar we ýola goýlan işewürlik gatnaşyklary Türkmenistanyň hususy pudagynyň daşary ykdysady işini diwersifikasiýa etmek, onuň ählumumy giňişlikdäki ornuny giňeltmek we geljegi uly bolan daşary ýurt bazarlaryndaky orunlaryny berkitmek ýolunda möhüm amaly ädim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info