Türkmen döwlet uniwersiteti himiýa boýunça IV halkara olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar

MilliInfo

28 Sentýabr, 2025

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we ýokary bilim ulgamynyň wekillerini halkara maslahata we himiýa boýunça IV halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.  

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň gatnaşmagyndaky olimpiada Aşgabatda olaryň paýtagta gelmegi arkaly 15-17-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Olimpiada talyplaryň özbaşyna gatnaşmagy görnüşinde bir tapgyrda geçiriler, şol bäsleşiklerde oňa gatnaşyjylar «A» we «B» toparlarda çykyş ederler.

«A» topara himiýa boýunça bilim alýan talyplar, şeýle hem islendik hünäriň talyplary – bakalawr we hünärmen ugrunyň I-IV ýyl talyplary gatnaşýarlar. «B» topar bilim alýan ugry himiýa hünäri bolmadyk talyplary bir ýere jemlär.

Iki toparyň birinde her ýokary okuw mekdepden dörtden köp bolmadyk (bakalawr we hünärmen) talyplar hem-de toparyň bir ýolbaşçysy 4+1 görnüşde gatnaşyp bilýär. Olimpiadanyň ýumuşlary organiki, fiziki, organiki däl we seljerme himiýa boýunça ýokary okuw mekdebiň maksatnamasy esasynda taýýarlanylar. «A» topara gatnaşyjylar himiýanyň bu bölümleri boýunça ýazmaça ýumuşlary ýerine ýetirmeli bolarlar. «B» topara gatnaşyjylar testdäki sowallara jogap bererler.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler ýokary okuw mekdepden toparyň düzümi görkezilen resmi haty, şeýle hem bellige alyş hatyny we her gatnaşyjynyň şahsy kagyzyny olimptsu@gmail.com elektron salga ibermelidirler.

Bu resminamalaryň görnüşleri Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýtynda «Olimpiada-2025» bölüminden ýükläp almak üçin elýeterlidir, şeýle hem şol ýerde çäreler barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.

Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.

Guramaçylar bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99364) 05-01-24; (+99363) 69-93-64; (+99363) 60-35-05; (+99365) 56-10-61.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo