Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew «Karshi Open-2026» halkara küşt ýaryşyna gatnaşyp, üçünji orny eýelemegi başardy.
Ismat Şukurowyň hatyrasyna guralan ýaryş 19—24-nji maý aralygynda Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirildi. Oýunlar şweýsar ulgamy boýunça nusgawy wagt gözegçiligi bilen 9 tapgyrdan ybarat boldy. Ýaryşa jemi 10 ýurtdan 56 küştçi gatnaşdy.
9 tapgyrdan 7 utuk toplap, goşmaça görkezijiler boýunça:
Witaliý Bernadskiý (Ukraina, FIDE reýtingi 2507) — birinji orny;
Saýdakbar Saýdaliýew (Özbegistan, FIDE reýtingi 2454) — ikinji orny;
Saparmyrat Atabaýew (Türkmenistan, FIDE reýtingi 2471) bolsa üçünji orny eýeledi.
Iň soňky tapgyrda Saparmyrat gara mallar bilen oýnap, şol pursatda ýaryşyň lideri bolan ysraýylly grossmeýster Ýewgeniý Alekseýewi ýeňmegi başardy.
Saparmyradyň dogany Ýusup Atabaýew hem «Karshi Open-2026» ýaryşyna gatnaşyp, 6 utuk toplady we sekizinji orny eýeledi.
Saparmyrat Atabaýew 27 ýaşynda. Ol Türkmenistanyň häzirki döwürdäki iň güýçli küştçüleriniň biridir. Aşgabatda doglan Saparmyrat ýaşlygyndan bäri ýurduň iň zehinli oýunçylarynyň biri hasaplanýar. Onuň gazanan uly üstünlikleriniň arasynda 2024-nji ýylda Türkiýede geçirilen «Ak pil» ýaryşyndaky ýeňşi, Daşkentdäki «UzChess Cup Futures» halkara ýaryşyndaky ýeňşi, Aziýanyň halkara ýaryşlarynda grossmeýsterlik kadalaryny ýerine ýetirmegi hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynda yzygiderli çykyş etmegi bar.
Saparmyradyň ilkinji tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewdir. Ol köp ýyllaryň dowamynda türgeniň halypasy bolup gelýär.
«Karshi Open-2026» ýaryşynyň netijeleri bilen şu ýöriteleşdirilen sahypada tanşyp bilersiňiz: https://s3.chess-results.com/tnr1392674.aspx?lan=1&art=1&rd=9&fed=TKM&flag=30&SNode=S0