22-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Italiýanyň G.d’Annunzio adyndaky Kýeti-Peskara uniwersitetiniň ýolbaşçylar düzüminiň hem-de professor-mugallymlarynyň onlaýn tertibindäki maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen G.d’Annunzio adyndaky Kýeti-Peskara uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.
Maslahatyň dowamynda taraplar ýokary hünär bilimi ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek, gatnaşyklaryň täze gözýetimleri, ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, täze gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek babatda tagallalary birleşdirmek, hünär derejelerini ýokarlandyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda mugallymlary we talyplary alyş-çalyş etmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda tejribe alyşmak, iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin okuw sapaklaryny guramak, bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýup, alymlary alyşmak, uniwersitetlerde geçiriljek halkara derejeli çärelere bilelikde gatnaşmak ýaly işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Italiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, şonuň ýaly-da arhitektorlarynyň arasynda gatnaşyklar işjeň derejede alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan yzygiderli çäreler guralýar. Ilçihananyň ýardam bermeginde ýylyň-ýylyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dili mugallymlary hem-de italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplary dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş hem-de okuw saparlarynda bolýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Gabriel d’Annunsio adyndaky Kýeti-Peskara uniwersiteti Italiýanyň iň abraýly döwlet ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Bu uniwersitet halkara derejede ykrar edilen ýokary okuw mekdebi bolmak bilen birlikde, taryh, geologiýa, inženerçilik, binagärlik, lukmançylyk, psihologiýa ýaly ugurlar boýunça dünýä ähmiýetli ylmy barlaglaryň geçirilýän ylym ojagy hasaplanýar.