Türkmen karateçisi Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

MilliInfo

12 Sentýabr, 2026

Türkmen karateçisi Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Ussat tälimçi Aýdyň Çaryýewiň şägirdi Gurbannazar Amandurdyýew Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 21 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatyny kümüş medal bilen jemledi.  9–11-nji sentýabr aralygynda geçirilen bu ýaryşa dünýäniň 21 ýurdundan 338 türgen gatnaşdy.

Ildeşimiz 55 kilograma çenli agram derejesinde 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda kumite görnüşinden tapawutlandy.

Gurbannazar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synpynda okaýar. Durnukly ýokary netijeler ýaş türgeni şu ýylyň 31-nji oktýabryndan 13-nji noýabryna çenli Senegalyň paýtagty Dakar şäherinde geçiriljek Ýaşlaryň IV tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin esasy dalaşgärleriň birine öwürýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info