Daşkentde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň, Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň we Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda «Türk dünýäsi: bitewi ruh, reňkleriň köpdürlüligi» ady bilen türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň halkara sergisi geçirildi.
Sergi türki halklaryň baý taryhy-medeni mirasyny, umumy gymmatlyklaryny hem-de häzirki zaman sungat gözleglerini utgaşdyrdy. Bu çäre dürli ýurtlardan gelen ýaş suratkeşleriň arasynda döredijilik dialogy we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança boldy.
Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri bar. Olaryň işlerinde türki dünýäniň medeni ýakynlygy, özboluşlylygy we çeper pikirlenişiniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurban Babatajow TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragy bilen sylaglandy.
Bu abraýly baýrak diňe suratkeşiň tehniki kämilligi bolman, eýsem, onuň umumy medeni mirasy gorap saklamaga goşan goşandyny hem tassyklaýar.