Türkmen edebiýatçysy Türki dünýäniň V edebiýat we kitap festiwalynda abraýly baýraga mynasyp boldy

MilliInfo

2 sagat öň

4—9-njy maýy aralygynda Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Türki dünýäniň V edebiýat we kitap festiwaly geçirildi. Türki dünýäniň ýazyjylarynyň halkara birleşigi tarapyndan TÜRKSOÝ-yň ýardam bermeginde guralan bu çäre Türkmenistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Wegriýadan we beýleki ýurtlardan gelen wekilleri bir ýere jemledi. Medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we döwletara edebi aly-çalşygy ösdürmek forumyň esasy wezipesi boldy.

Döredijilik gözden geçirişiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň wekili Maksat Meredow Ýunus Emre adyndaky abraýly baýragyň eýesi boldy. Türki dünýäniň ýazyjylarynyň halkara birleşigi tarapyndan berilýän bu hormatly baýrak häzirki zaman türkmen edebiýatynyň ýokary abraýyny we ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň bitiren hyzmatlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info