Türkmen manady ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň daýanjydyr

MilliInfo

2 Noýabr, 2025

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Şol gün Türkmenistan möhüm taryhy senäni — milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyny belleýär. Bu sene ýurdumyzyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ykdysady özygtyýarlylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň ýolunda ynamly öňe gitmegiň nyşany bolup durýar.

1993-nji ýylda milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi döwletimizi berkarar etmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak we durnukly milli ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik berdi. 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen manady öz durnuklylygyny görkezip, döwletimiziň alyp barýan oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň beýany bolup durýar.

Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy.

Ähmiýetli çäräniň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümler bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda bank ulgamynyň işjeňligini artdyrmak, milli manadymyzy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilýär, bu bolsa diňe bir maliýe ulgamyna däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna öz täsirini ýetirýär. Türkmen manady harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatyny ölçemegiň ýeke-täk guraly bolmak bilen, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň, makroykdysady deňagramlylygy saklamagyň wajyp guraly bolup durýar.

Häzirki ählumumy ykdysady şertlerde türkmen manady ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň daýanjy bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan strategik özgertmeleriň we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijesinde milli pul birligimiziň hümmeti barha pugtalanýar, bu bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönüden-göni ýardam berýär. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen manadynyň durnuklylygyny saklamak üçin berk serişde binýadyny üpjün edýär.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo