S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylaryny ekologiýa boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşige okuwda bu dersden ýokary netijeleri görkezen her etrapdan (şäherden) 5 okuwçy gatnaşyp bilýär. Gatnaşmak üçin ýüztutmalar tm.tau.2022@gmail.com elektron salgy boýunça 1-nji marta çenli kabul edilýär. Şol salga gatnaşjaklaryň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň sanawy iberilmelidir.
Olimpiada iki tapgyrda şahsy bäsleşikler görnüşinde türkmen we rus dillerinde geçiriler.
Bäsleşigiň birinji tapgyry 4-nji martda sagat 10:00-da S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň sanly bilim portalynda onlaýn-görnüşde geçiriler.
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň okuwçylary üçin bäsleşik S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Mary welaýatynyň okuwçylary üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Lebap welaýatynyň okuwçylary üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Daşoguz welaýatynyň okuwçylary üçin Türkmen oba hojalyk institutynda, Balkan welaýatynyň okuwçylary üçin Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirliginde geçiriler.
Ekologiýa boýunça okuw maksatnamasy göz öňünde tutulyp, bäsleşige gatnaşjaklar üçin test sowallary we ýumuşlary taýýarlanyldy, olary ýerine ýetirmäge 90 minut wagt berilýär.
Has köp utuk toplan okuwçylar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar. Bu tapgyr 26-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň binýadynda gelip gatnaşmak arkaly geçiriler.
Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda oňa gatnaşyjylar azyk howpsuzlygy hem-de daşky gurşawy goramak ulgamlarynda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde taýýarlan öz ylmy taslamalary bilen çykyş ederler.
Her tanyşdyrmanyň dowamlylygy 5 minutdan geçmeli däl. Okuwçylaryň islegine görä, amaly gollanmalaryň ulanylmagyna ýol berilýär.
Gatnaşyjylaryň ylmy taslamalary bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan aşakdaky ugurlaryň esasynda, ýagny wajyplygy we ähmiýeti, innowasiýalylygy we ylmy çemeleşmesi, beýan edilişiniň yzygiderliligi we düşnükliligi, maglumatlaryň takyklygy we aýdyňlygy, iş ýüzünde netijeliligi we amala aşyrmagyň mümkinçiligi, awtoryň çykyşynyň az sözde köp many bermegi boýunça 100 bala çenli görkeziji arkaly baha berler.
Bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň eminleriniň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň alymlary, mugallymlary, hünärmenleri girerler.
Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Olimpiadanyň geçirilmegine degişli giňişleýin maglumatlar +99365633644, +99363966901 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.
Ekologiýa boýunça bäsleşik zehinli we döredijilikli ýaşlary goldamak, bilimleri çuňlaşdyrmak we okuwçylaryň amaly başarnyklaryny giňeltmek, ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaş nesilleriň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, ýokary synp okuwçylaryny hünärlere ugrukdyrmak, şeýle hem bilimiň hilini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-usulyýet hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.