Türkmen okuwçysy Germaniýada geçen mental hasaby boýunça dünýä çempionatynyň medalçysy boldy

MilliInfo

1 sagat öň

Türkmen okuwçysy Germaniýada geçen mental hasaby boýunça dünýä çempionatynyň medalçysy boldy

5–7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaby boýunça dünýä çempionaty (JMCWC 2026) geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşa Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa we Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak ýaş matematik gatnaşdy.

Iki sagada çeken synaglaryň dowamynda gatnaşyjylar ýokary çylşyrymlylykdaky hasaplamalary aňlarynda hasapladylar we ýerine ýetirdiler: kökleri çykardylar, sanlary köpeldijilere dargatdylar, droblar bilen amallary ýerine ýetirdiler we senenama senelerini hasapladylar.

Ýaryşda Türkmenistana milli saýlama tapgyryndan geçen 12 mekdep okuwçysyndan ybarat topar wekilçilik etdi. «Junior-1» derejesinde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew 2477 utuk toplap, 3-nji orny eýeledi.

«Senior» derejesinde mental arifmetika boýunça ýurdumyzyň rekordçysy Liwanur Berdiýewa iň güýçli 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi. Çempionatda milli ýygyndynyň tälimçileri hökmünde mugallymlar Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow çykyş etdiler.

Ýatladyp geçsek, öňki dünýä çempionatynda-da türkmen okuwçylary ýokary netijeleri görkezip, iň gowy on gatnaşyjynyň hataryna girmegi başarypdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info