Atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat uly türkmen wekiliýeti hormatly Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda saparda boldy.
Bu giň gerimli çäreler köpasyrlyk taryhyň dowamynda hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklaryň dost-doganlygynyň häzirki döwürde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen tarapy bu ýerde ähmiýetli çäreleriň üçüsine — «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahata gatnaşdy.
8-nji maýda Daşkent şäherindäki «Yangi Toshkent Conference Hall» merkezinde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke bedewi ähli döwürde hem döredijilik adamlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde ahalteke atlarynyň gözelligi zergärçilik, heýkeltaraşlyk we beýleki sungat eserlerinde möhüm orny eýeleýär.
«Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň ilçihanasynyň we Özbegistanyň Sport ministrliginiň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda ahalteke bedewleriniň öňzboluşlylygy bellenip geçildi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň bu pudagy ösdürmekde eýe bolan üstünlikleri, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we degişli ylmy merkeziň alyp barýan işleri maslahatlaşyldy. Taraplar tejribe alyşmagy giňeltmek we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak barada ylalaşdylar.
9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi:
Türkmengaz» döwlet konserniniň we Özbegistanyň Energetika ministrliginiň baýraklaryny almak ugrunda ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşykda Pula (Özbegistan) diýen mele gysragy birinji bolup gelmegi başardy. Gadymydag we Gazaply atly türkmen bedewleri bolsa ikinji hem üçünji bolup geçdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda (1 müň 600 metr) geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiji boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Begzada diýen aty pellehanadan ikinji bolup geçdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda (1 müň 600 metr) geçirilen çapyşykda Muattor-hon (Özbegistan) diýen at pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at bolsa pellehanadan ikinji bolup geçdi.
10-njy maýda Özbegistan Respublikasynda «Gündogaryň merjeni» atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça 22-nji dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy.
Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi «Gündogaryň merjeni» atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýsi Kakamyrat Agamyradowa ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat haty gowşuryldy.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen aty ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde dünýäniň çempiony hökmünde yglan edildi. Ýeňiji bolan türkmen bedewine uly ruhubelentlik bilen «Dünýäniň çempiony» we «Gündogaryň merjeni» diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy.
Üçýaşar atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginde Özbegistandan Zamin-Hon diýen bedew ýeňiji bolmagy başardy. Baýrakly ikinji orna bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at mynasyp boldy.
Dörtýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde B.Ibodullaýewiň hojalygyna degişli Melikuş-Hon atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Ikinji baýrakly orna A.Muhamedowyň hojalygyna degişli Sanat-Hon atly bedew mynasyp boldy.
Alty we şondan uly ýaşar atlaryň gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi «Dünýäniň çempiony» diýen ada eýe boldy.
Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy.