Türkmen talyby abraýly halkara matematika olimpiadasynyň kümüş medalyny eýeledi

MilliInfo

24 Mart, 2026

Türkmen talyby abraýly halkara matematika olimpiadasynyň kümüş medalyny eýeledi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Myrat Janmyradow Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň Matematika guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 20-nji Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi. Ol abraýly bäsleşigiň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Matematika hünärlerinde okaýan 1–3-nji ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşige 10-dan gowrak ýurtdan 200-e golaý talyp gatnaşdy.

Bäsleşik ýaş matematikaçylaryň bilim derejesini, çuňňur pikirleniş ukybyny we döredijilikli çemeleşmesini äşgär etmekde möhüm meýdança boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info