Türkmenistanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde Halkara söwda merkezi tarapyndan guralan okuw maslahaty täsirliligi bilen tapawutlandy.
«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» atly taslamanyň bir bölegi bolan bu çäre ýurduň tikinçilik we dokma senagatynyň 30-a golaý wekilini bir ýere jemledi. Duşuşygyň esasy mowzugy kiçi we orta telekeçiligi Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýokary bäsdeşlikli bazaryna çykmaga taýýarlamakdan ybarat boldy.
Hünärmenler gatnaşyjylary «Ýewropanyň ýaşyl ylalaşygy» (Green Deal) taslamasynyň çäklerindäki döwrebap ekologiýa standartlary, sertifikatlaşdyrmagyň aýratynlyklary we Ýewropadaky häzirki zaman sarp edijileriň islegleri bilen tanyşdyrdylar. Okuw maslahatynda işiň amaly taraplaryna — «Bahar-Tomus 2027» möwsüminiň kolleksiýalaryny taýýarlamakdan başlap, netijeli wizual merçandaýzingi (harydy dogry wagtda, dogry ýerde we iň özüne çekiji görnüşde alyja hödürlemek) ornaşdyrmaga çenli meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Bu ýaly başlangyçlar ýerli önümçiligi ýokary goşulan bahaly we halkara derejesinde tanalýan eksport brendlerine öwürmegi maksat edinýär.