Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Bahreýniň paýtagty Manamada geçen ýaşlaryň III Aziýa oýunlarynda şowly çykyş edendigini «Мир 24» habar berdi.
Biziň agyr atletikaçymyz Didarbek Jumabaýew bir wagtda iki medala eýe boldy. Ol ştangany itekläp götermekde 177 kilogram agyrlygy boýun egdirip, altyn medal gazandy. Munuň özi ýaşlaryň arasyndaky Aziýa oýunlarynyň täze rekordy hökmünde bellige alyndy. Silterläp 138 kilogram agyrlygy galdyrmagy başaran ildeşimiz bu ugurdan bürünç medal aldy.
Türkmen ýygyndysyna Leýli Ýusupowa hem bürünç medal getirdi. 10-njy synpda okaýan ýaş türgen kuraş göreşinden ýaýbaňlandyrylan 52 kilograma çenli agram derejesindäki bäsleşikde baýraga mynasyp boldy.
«Men Manamadaky oýunlarda ajaýyp netijä ýetmegiň hötdesinden geldim. Aziadanyň altyn medalynyň we täze rekordyň eýesi boldum. Şeýle abraýly ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmagy başarandygyna buýsanýaryn» — diýip, ýaşlaryň arasyndaky III Aziýa oýunlarynyň çempiony Didarbek Jumabaýew belleýär.
Ýaşlaryň nobatdaky sport baýramçylygyna Türkmenistandan 38 türgen wekilçilik edip, olar 8 görnüş boýunça bäsleşiklere gatnaşdylar. Ýaryşa 45 ýurtdan 4000 türgen gatnaşdy.

