Türkmen resminama mirasy ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sebit sanawyna girizildi

MilliInfo

7 Noýabr, 2026

Türkmen resminama mirasy ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sebit sanawyna girizildi

2–6-njy noýabr aralygynda Jakarta şäherinde (Indoneziýa) ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji Baş assambleýasy we halkara seminary geçirildi.

Bu giň gerimli forumy Indoneziýanyň Milli arhiwi (ANRI) Indoneziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlary, şeýle hem Koreýanyň Miras gullugy bilen bilelikde gurady. Seminaryň esasy mowzugy bolan «Suw dünýäsi: deňiz çarwadarlary, resminama mirasy we Dünýäniň hakydasy» Günorta-Gündogar Aziýanyň deňiz çarwadarlary jemgyýetleriniň taryhyny we medeniýetini gorap saklamaga bagyşlandy.

Forumyň açylyş dabarasynda Indoneziýanyň medeniýet ministri Fadli Zon we MOWCAP-yň başlygy Kwibe Kim gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Bu çärede Türkmenistana ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary hem-de ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri wekilçilik etdi.

Mejlisiň möhüm wakasy Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň «Dünýäniň hakydasy» sanawynyň 21 sany täze desga bilen üstüniň ýetirilmegi boldy. Olaryň hataryna Türkmenistanyň «Abu Yshak Ybrahym ibn Edhemiň durmuşy we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» atly hödürnamasy hem girdi. Hödürlenen maglumat bilermenler topary tarapyndan ýokary baha eýe boldy we Türkmenistanyň ady agzalan sebit sanawyna girizilen ilkinji resminama mirasy boldy.

Maksatnamanyň çäklerinde halkara ähtnamalara gol çekildi, şeýle hem Indoneziýanyň Milli arhiwinde deňiz siwilizasiýalarynyň taryhyna bagyşlanan arhiw resminamalarynyň, golýazmalaryň, foto we kino maglumatlarynyň mowzuklaýyn sergisi açyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info