Düýn — 4-nji martda Bakuwdaky «Bina» atçylyk-sport merkezinde Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda täsirli medeni çäre geçirildi. Bu meşhur toparyň çykyşy türkmen atçylygynyň baý däplerini we çapyksuwarlaryň özboluşly ussatlygyny görkezmek bilen, dostlugyň we sungatyň hakyky baýramyna öwrüldi.
2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk festiwalynda iň ýokary baýraga mynasyp bolan türkmen topary täsirli maksatnamasyny ilkinji gezek azerbaýjan tomaşaçylaryna hödürledi. Artistler at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly hereketlerini, täsirli akrobatik tilsimlerini we ajaýyp sazlaşygy görkezdiler. Bu bolsa türkmen atçylyk sungaty mekdebiniň ýokary hünär ussatlygynyň we köpýyllyk däpleriniň ýüze çykmasy boldy. Tomaşaçylar şowhunly we gyzykly çykyşy dowamly elçarpyşmalar bilen mähirli garşyladylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäherindäki Döwlet atçylyk sirkiniň ussatlary çykyş edip, ýurdumyzyň milli medeniýetini we häzirki zaman sirk sungatynyň üstünliklerini täsirli akrobatik we çeper hereketleriň üsti bilen şöhlelendirdiler.
Agşamyň iň şowhunly böleginde atçylaryň Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwlet baýdaklary bilen eden çykyşlary iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygyny alamatlandyrdy. Bu çäre ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine we Türkmenistanyň medeni mirasynyň daşary ýurtlarda giňden ýaýradylmagyna uly goşant goşdy.
Şeýle hem saparyň dowamynda «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk federasiýasynyň arasynda atly sport we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.