Ertir paýtagtymyzda «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi başlanýar. Şeýlelikde, ilkinji gezek bir sergi we gepleşik meýdançasynda birleşdirilen bu iki halkara çäre, mowzuklaýyn döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, milli telekommunikasiýa institutyny döwrebaplaşdyrmaga we ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion görnüşine gönükdirilen wezipeleri utgaşdyrar.
Gatnaşyjylaryň köp sanly bolmagy öňde boljak duşuşyklaryň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. «Türkmentel-2025» halkara forumyna Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň wekilleri, şeýle hem ählumumy tehnologik bazaryň iri kompaniýalary gatnaşarlar. Olaryň hatarynda «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Juniper», «Thales», «IBM», «Mitsubishi», «Turkish Post», «Kras-Logistics GmbH», «China CAMC Engineering», «China Harbour Engineering Company» ýaly belli kompaniýalar bar. Umumylykda Aşgabatda 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy we 350 wekiliýet ýygnanar.
Serginiň çäklerinde sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň we telekommunikasiýalar ulgamynda täze innowasion çözgütler görkeziler. Şunuň bilen birlikde, «FinTech» forumynyň, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň okuw sapagynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde Halkara startap-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly forumyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça tanyşdyrylyşlar guralar. Olar ulag ulgamynyň geljekki konsepsiýasyny, sebit özara baglanyşygyny we multimodal infrastruktura geçelgelerini, howa ulagynyň durnuklylygyny, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütleri we olara maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini öz içine alýar.
Şunuň bilen birlikde, şu ýyl ýurdumyzda tapgyrlaýyn esasda «Sanly çözgüt – 2025» atly giň gerimli innowasion bäsleşigiň geçirilendigini, oňa milli hünärmenleriň gatnaşyp, maglumat dünýäsiniň dürli ugurlary boýunça 362 taslamany degişli bilermenleriň garamagyna hödürländiklerini bellemelidiris. Munuň bilen baglylykda, öňde boljak halkara çäreleriniň meýdançasynda bäsleşigiň netijeleri jemlenip, iň oňat işläp taýýarlamalar saýlanylyp alnar. Innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
