«Türkmentelekom» sanly «Call-center» döretmek üçin döwrebap çözgüdi hödürleýär

MilliInfo

2 sagat öň

«Türkmentelekom» sanly «Call-center» döretmek üçin döwrebap çözgüdi hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslar üçin kiçi, orta we iri telekeçilige niýetlenen «Call-center» hyzmatyny hödürleýär.

Bu hyzmat kompaniýalaryň müşderiler bilen özara gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we durnukly gaýtadan aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen işlenip düzüldi. Ol bir belgä şol bir wagtyň özünde gelýän birnäçe jaňy kabul etmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa telefon liniýalaryna düşýän ýüküň ýokary we ýüztutmalaryň sanynyň köp bolan ýagdaýlarynda aýratyn möhümdir.

Hyzmat şertnama esasynda birikdirilýär we telefon liniýalarynyň işini optimizirlemäge ýardam edýär. Şeýle hem goýberilen jaňlaryň sanyny azaltmaga hem-de müşderilere hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Call-center» hyzmatynyň mümkinçilikleriniň hatarynda awtomatiki sesli salamlaşyk, interaktiw sesli menýu (IVR), jaňlary degişli işgärlere ýa-da bölümlere ugrukdyrmak, şeýle-de hyzmatyň hiline gözegçilik etmek üçin gepleşikleriň ýazga alynmagy bar.

Işewürligiň zerurlyklaryna görä, operatorlaryň sany we elýeterli funksiýalar boýunça tapawutlanýan «Start», «Business» we «Premium» nyrh bukjalary hödürlenýär.

Şunuň ýaly çözgütleriň ulanylmagy müşderi hyzmatlarynyň ösdürilmegine we kompaniýalar bilen olaryň müşderileriniň arasyndaky aragatnaşygyň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Goşmaça maglumatlary «Türkmentelekom» kompaniýasynyň resmi web sahypasynda tapyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info