«Turkmentravel — 2026»: ertir Aşgabatda syýahatçylyk sergisi we maslahaty badalga alýar

MilliInfo

14—­16-­njy­ ap­re­l­ ara­ly­gyn­da­ Türk­menis­ta­nyň Söw­da-­se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ril­jek­ «Turk­ment­ravel­ —­ 2026»­ at­ly­ hal­ka­ra­ sy­ýa­hat­çy­lyk­ ser­gi­si­ne we mas­la­ha­ty­na­ taý­ýar­lyk­ iş­le­ri­ ýo­kary­ dep­gin­de­ al­nyp­ ba­ryl­ýar.­ Bu­ iri­ hal­ka­ra­ çä­re­ ýurdu­myz­da­ sy­ýa­hat­çy­lyk­ pu­da­gy­nyň­ ösü­şi­ni­ hem­-de onuň­ hal­ka­ra­ de­re­je­sin­dä­ki­ ab­ra­ýy­ny­ ýo­kar­lan­­dyr­ma­gy­ mak­sat­ edin­ýär.

«Turk­ment­ravel­ —­ 2026»­ at­ly­ hal­ka­ra­ çä­re­si­ne dün­ýä­niň­ dür­li­ ýurt­la­ryn­dan­ sy­ýa­hat­çy­lyk­ kom­pani­ýa­la­ry­nyň,­ myh­man­ha­na­ ul­gam­la­ry­nyň­ we­kil­le­ri,­ ma­ýa­ go­ýu­jy­lar­ we­ pu­dak­ hü­när­men­le­ri­ gat­na­şar.­ Bu bol­sa­ hal­ka­ra­ derejesinde tej­ri­be­ alyş­ma­ga,­ tä­ze­ hyz­mat­la­ry­ tanyş­dyr­ma­ga­ hem­-de­ hyz­mat­daş­ly­gyň­ tä­ze­ ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ­giň­ müm­kin­çi­lik­ dö­red­ýär. Çä­rä­niň­ mak­sat­na­ma­syn­da­ ser­gi­ eks­po­zi­si­ýa­sy­ bilen­ bir­lik­de,­ mow­zuk­la­ýyn­ mej­lis­ler,­ ta­nyş­dy­ry­lyş çy­kyş­lary­ hem-­de­ B2B­ we­ B2G­ gör­nü­şin­dä­ki­ du­şuşyk­la­r­ göz­ öňün­de­ tu­tul­ýar.­ Bu­ du­şu­şyk­lar­ tä­ze­ tas­lama­la­ryň­ dur­mu­şa­ ge­çi­ril­me­gin­de­ we­ öza­ra­ bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ­ös­dü­ril­me­gin­de­ mö­hüm­ orun ­eýe­lär.

«Turk­ment­ravel­ —­ 2026»­ at­ly­ hal­ka­ra­ sy­ýa­hat­çylyk­ ser­gi­si­ we­ mas­la­ha­ty­ Türk­me­nis­ta­nyň­ baý­ sy­ýahat­çy­lyk­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ni­ dün­ýä­ ýaý­mak­da,­ da­şa­ry ýurt­ ma­ýa­ go­ýum­la­ry­ny­ çek­mek­de­ hem­-de­ hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ­pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm ­wa­ka ­bo­lar.

Ser­gi­niň iş wag­ty:

  • 14-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

  • 15-nji aprelde sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

  • 16-njy aprelde sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Salgysy: Aş­gabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

Habarlaş­mak üçin telefon belgileri: 39-88-81/82/83/84.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info