Paýtagtymyzda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda erkekler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiligi ýokary derejede dowam edýär.
Gyzgalaňly geçýän bu ýaryşa jemi 10 topar gatnaşyp, olar iki topara bölünip özara bäsleşýärler.
Ikinji günüň netijeleri
11-nji ýanwarda geçirilen ikinji ýaryş gününiň duşuşyklary janköýerlere gyzykly pursatlary peşgeş berdi. Oýunlaryň netijeleri aşakdakylardyr:
«A» topary:
«Nebitçi» 3:0 «Binagär»
«B» topary:
«Galkynyş» 3:0 «Milli Goşun»
«Migrasiýa» 3:0 «Ýüpek ýoly»
Belläp geçsek, ýaryşyň birinji gününde «Talyp sporty» topary «Serhetçini» 3:0, «Binagär» bolsa «Maliýeçini» 3:0 hasabynda ýeňmegi başarypdy.
Guramaçylar ähli woleýbol janköýerlerini we sport söýüjileri gyzykly duşuşyklara tomaşa etmäge çagyrýarlar. Giriş mugt.
Üçünji ýaryş gününiň oýun tertibi (12-nji ýanwar) :
16:00. «Ýüpek ýoly» — «Milli Goşun»
18:00. «Gala» — «Galkynyş»
Toparçalaýyn tapgyryň oýunlary 18-nji ýanwara çenli dowam eder. Ýaryşyň iň çekeleşikli pursatlary bolan ýarym final duşuşyklary 19-njy ýanwarda, final bolsa 20-nji ýanwarda geçiriler.