Her bir zenan üçin elýeterli öwüşgin: «TUZ» şaý-sep dükany bilen italýan kaşaňlygynyň dünýäsini açyň!

MilliInfo

2 sagat öň

Her bir zenan üçin elýeterli öwüşgin: «TUZ» şaý-sep dükany bilen italýan kaşaňlygynyň dünýäsini açyň!

Siz hemmeleri haýrana goýýan, emma has uly maliýe serişdesini talap etmeýän şaý-sepleri arzuw edýärsiňizmi? Onda Ýewropa stiliniň we premium (ýokary hilli) önümleriň gündelik durmuşyňyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýän ýerine — kümüş şaý-sepleriniň resmi ygtyýarnamaly dükany bolan «TUZ-a» hoş geldiňiz!

Her bir zenan gözel görünmäge mynasypdyr. Hut şonuň üçin hem, «TUZ» kolleksiýasy diňe owadan zenanlar üçin döredildi: bu ýerde siz resmi iş lybasyny-da, romantik agşam köýnegini hem bezejek şaý-sepleri tapyp bilersiňiz.

Kolleksiýanyň özeni — kepillik nusgasy (probasy) bilen tassyklanan original italýan kümüşidir (925-nji belgi). Bu gymmat bahaly metal özüniň kemsiz sowuk lowurdysy, çydamlylygy we allergiýa bermezlik aýratynlygy bilen meşhurdyr.

«TUZ» dükanynyň assortimentinde ýüzlerçe nepis önümler hödürlenýär:

Gulakhalkalar: ýönekeýje pusetlerden başlap, uzyn hem kaşaň asmalara çenli;

Ýüzükler: ýeke-täk nepis modeller we üýtgeşik toplumlar (setler);

Bilezikler we zynjyrlar: iň inçeden-näzik italýan örümleri bilen;

Asmalar we kulonlar: siziň gaýtalanmajak stiliňiz üçin inçejik nyşanlar.

Her bir önüm saýlama gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelendir. Witrinada goýy gök sapfirler, syrly zümerretler, näzik topazlar, galyberse-de, häzirki zaman şaý-sep modasynyň iň uly ýyldyzy — muassanit lowurdaýar. Bu täsin daş ýagtylygyň oýny we şöhleleriň döwülmegi boýunça almazdan (brilliantdan) hem öňe geçip, şaý-sepiňiziň islendik ýagtylykda ýakymly lowurdamagyny üpjün edýär.

«TUZ» dükanyndaky ähli bezeg esbaplary Ýewropada öndürilendir we dünýäniň iň meşhur şaý-sep öýlerinden ylham alnyp döredilendir. Bu ýerde siz şu brendleriň estetikasyny tapyp bilersiňiz:

«Tiffany & Co» – kemsiz klassika we romantik simwollar;

«Chopard» – wagt bilen çäklenmeýän nepislik;

«Van Cleef» – şowlulygyň we stiliň nyşanyna öwrülen meşhur şekiller;

«Pomellato» – suwly reňkler, göwrümli we batyrgaý häzirki zaman formalary.

Indi size Ýewropa ussahanalarynyň hili bilen amatly bahanyň haýsydyr birini saýlamak gerek däl. Siz «TUZ-da» bu artykmaçlyklaryň ikisini hem alarsyňyz.

Dükan öz önümleriniň hiline doly ynanýar we müşderilerine aýratyn hormat goýýar, şonuň üçin hem, eksklýuziw bonusyny taýýarlady.

«TUZ» dükanyndan satyn alnan islendik şaý-sep üçin 1 ýyllyk mugt hyzmat ediş — önümleri hünär derejesinde arassalamak we ýalpyldatmak (polirowka etmek) hyzmatyna eýe bolarsyňyz!

Hatda 12 aýdan soň hem siziň söýgüli ýüzügiňiz ýa-da bilezigiňiz edil satyn alan günüňizdäki ýaly täzeligine galar we lowurdap durar. Hakyky kaşaňlyk — bu diňe bir gözellik däl, eýsem, doly derejedäki rahatlykdyr.

Özüňize gözel hem has özboluşly görünmäge rugsat beriň, çünki siz muňa mynasyp. Özüňize laýyk şaý-sepi tapmak ýa-da ýakynlaryňyz üçin ajaýyp sowgat saýlamak üçin «TUZ» şaý-sep dükanyna geliň!

«TUZ» – hemmeler üçin elýeterli kaşaňlyk!

Salgymyz: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, B-1.45.a.

Telefon: +993 (63) 47-68-86

Instagram: @tuz.silver

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info