Ägirt uly korporasiýalaryň her biri işini haçan hem bolsa bir wagt ýönekeýje tanyşdyrylyş (prezentasiýa) slaýdyndan başlapdy. Seniň taslamyň hem şolaryň nobatdakysy bolup biler!
«StartUp ShowCase» — bu maýadarlary, iri telekeçileri we işewürlik wekillerini öz biznes-taslamamyz bilen tanyşdyrmak üçin iň amatly meýdançadyr. Bu ýerde bilermenlerden maslahat alyp, pikirdeşleriňi tapyp we maliýe goldawyny çekip bilersiňiz.
Taslamaňyzyň haýsy tapgyrdadygynyň parhy ýok: ol meýilnama derejesindäki ideýamy, taýýar prototipmi ýa-da eýýäm ilkinji satuwlardmy — iň esasy zat, öz işiňe bolan höwesiň we ösüş hakyndaky islegiňdir. Birje täsirli çykyş (pitç) hemme zady üýtgedip biler!
Wagty: 2026-njy ýylyň 1-nji awgusty, sagat 15:00
Ýeri: «Telwas» koworking merkezi
Gatnaşmagyň şertleri:
Startapy bolan spikerler üçin — gatnaşmak mugt.
Diňleýjiler we myhmanlar üçin — 40 manat (täze tanyşlyklary ýola goýmak, täze pikirleri tapmak we startap-jemgyýeti bilen ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik).
Habarlaşmak we hasaba durmak üçin:
«StartUp Academy»: +993 61 13 09 29
«Telwas» koworking merkezi: +993 65 16 89 07
