Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşiginiň wekilleriniň döredijilik sapary geçirilýär

MilliInfo

19 sagat öň

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşiginiň wekilleriniň döredijilik sapary geçirilýär

Aşgabatda Daşary ýurtlardaky rus teatrlaryny goldamak maksatnamasynyň çäklerinde guralan Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşiginiň wekilleriniň döredijilik sapary geçirilýär. A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda rus klassiginiň mirasyna bagyşlanan gyzgalaňly döredijilik barlaghanasy öz işine başlady. Russiýaly we türkmenistanly sungat işgärleriniň üns merkezinde — meşhur «Маленькие трагедии» ýygyndysyna girýän «Каменный гость», «Скупой рыцарь» и «Моцарт и Сальери» pýesalarynyň äheňinde taýýarlanan sahna görnüşleri bar.

«Моцарт и Сальери» pýesasynyň sahna görnüşiniň üstünde işlenilmegine moskwaly režissýor Grigoriý Artamonow ýolbaşçylyk edýär. Onuň sözlerine görä, bu taýýarlyk formaty ähli topardan uly ünsi we çalt karar kabul etmegi talap etdi. Taýýarlyk tapgyryna bary-ýogy bäş gün wagt berlip, onuň ilkinji güni tanyşlyga we materiallary taýýarlamaga sarp edildi.

«Men Puşkin adyndaky Aşgabat teatrynyň aktýorlarynyň işe uly yhlas bilen gatnaşýandygyny bellemek isleýärin. Eýýäm ikinji günüň agşamynda biz oýnuň konsepsiýasyny doly kemala getirdik. Artistler giç sagatlara çenli işlemäge taýýar boldular, olar yzygiderli gyzykly çözgütleri we täze ýollary hödürlediler. Netijede, materialy bary-ýogy üç günüň içinde jemlemegi başardyk» diýip, režissýor Grigoriý Artamonow öz täsirleri bilen paýlaşdy.

G. Artamonow Aşgabat teatr işgärleriniň ýokary hünär derejesini we ähli taraplaýyn taýýarlygyny hem aýratyn nygtady. Taýýarlyklar artistleriň diňe bir aktýorlyk ukybyny däl, eýsem olaryň wokal ukyplaryny we uly zähmetsöýerligini hem ýüze çykardy. Sazly çykyşlar we solo kompozisiýalar diňe bir täze sahna görnüşiniň däl, eýsem barlaghananyň çäklerinde döredilýän beýleki işleriň hem möhüm bölegine öwrüler.

Sahnadaky netijeli iş bilen birlikde, russiýaly myhmanlar türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýerligine hem ýokary baha berdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info