Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda Sergeý Yeseniniň 130 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Bu ýerde görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döredijiligine hem aýratyn orun berilýär.
Myhmanlara Nury Halmämmedowyň Ýeseniniň goşgularynyň esasynda döredip, «Pars äheňleri» ady bilen tanalan meşhur wokal ugrunyň notalary hödürlenýär. Alty bölümden ybarat bolan bu eser Ýewropa we Gündogar aýdym-saz däpleriniň utgaşmasynyň möhüm nusgasydyr. Halmämmedow türkmen halk dessanlaryna mahsus sýužet ösüşini ulanyp, esere aýratyn emosional çuňlugyny we bitewülik bagyşlamagyň hötdesinden gelipdir.
«Pars äheňleri» XX asyrdaky wokal sungatynyň iň inçe nusgalarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Onuň romanslary Russiýanyň sahnalarynda, şol sanda Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäklerinde yzygiderli ýerine ýetirilýär. Bu nusgalar 2018-nji ýylda kompozitoryň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda ýaýbaňlandyrylan dabarada ýerine ýetirildi.
Nury Halmämmedowyň döredijiligi we dürli medeni akymlary saz arkaly utgaşdyrmak ukyby Ýeseniniň poeziýasyny kabul etmekde täze gözýetimleri açýar. Bu bolsa onuň lirikasyna gündogar dünýä garaýşy bilen has çuňňur düşünmäge we duýmaga mümkinçilik döredýär. Şu nukdaýnazardan, bu taslama diňe bir beýik ussatlaryň mirasyny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde medeni dialogy ösdürmek üçin täze şertleri hödürleýär.

