Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Ala-Arça jülgesindäki Golubina buzlugynda deňiz derejesinden 3300 metr belentlikde dikildi. Bu barada «Türkmenistan Habarlar portaly» habar berdi. Týan-Şan daglaryna dabaraly çykyş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy.
Bu başlangyjy Gazak-German uniwersitetiniň magistraturasynyň talyby Dinara Begliýewa Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini öwrenmäge we suw serişdelerini gorap saklamaga bagyşlanan halkara ylmy maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrdy.
Dag gerşine çykmak ekologik başlangyçlaryň hem-de türkmen ýaşlarynyň halkara giňişlikdäki üstünlikleriniň nyşanyna öwrüldi.
