«UAE Warriors»: MMA söweş sungatlarynyň ussady Ata Atdaýew ýedinji professional ýeňşini gazandy

MilliInfo
«UAE Warriors»: MMA söweş sungatlarynyň ussady Ata Atdaýew ýedinji professional ýeňşini gazandy

23-nji iýulda MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Ata Atdaýew nobatdaky tutluşygyny geçirdi. Ol «UAE Warriors» ligasynyň Abu-Dabi şäherinde guralan ýaryş agşamynda 57 kilogram agram derejesinde braziliýaly Paulo Wiktoryň garşysyna oktagona çykdy.

Şeýlelikde, ýeňilmezek türkmen söweşijisi 7-nji professional tutluşygyny hem ýeňiş bilen jemledi. Güýçli türgeniň garşysyna ynamly çykyş eden Ata Atdaýew söweşiň başyndan ahyryna çenli artykmaçlygy saklamagyň hötdesinden geldi. Bu bolsa onuň ähli ugurlarda braziliýaly söweşijiden rüstemdigini görkezdi. Eminleriň biragyzdan kabul eden çözgüdi bolsa ildeşimize nobatdaky ýeňşini getirdi.

Zehinli türkmen türgeniniň bu duşuşyga paýtagtymyzda ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk görendigini aýratyn bellemek gerek.

Ýeri gelande ýatlasak, Ata Atdaýew «UFC-niň» ýolbaşçysy Dana Uaýtyň gözegçiligindäki «IMMAF» guramasynda hem dünýäniň we Ýewropanyň çepmiony bolupdy.

Biz ildeşimizi «UAE Warriors 72» ýaryş agşamynda eýe bolan ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info