Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji sessiýasyna gatnaşdy

MilliInfo
Türkmenistanyň wekiliýeti FAO-nyň Sebitleýin maslahatynyň 35-nji sessiýasyna gatnaşdy

11-12-nji maýda Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Ýewropa boýunça Sebitleýin maslahatynyň Duşenbe şäherinde geçirilen 35-nji sessiýasyna gatnaşdy. Çärä sebitiň döwletleriniň, halkara guramalarynyň we degişli pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem agrar ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine üns berildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda oba hojalygy, azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak babatda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça duşuşyklar geçirilip, pikir alşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info