Şu gün—10-njy oktýabrda ýurdumyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata badalga berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň möhüm çärä gatnaşyjylara ýollan Gutlagynda bu ulgamlary ösdürmegiň ýolundaky toplumlaýyn tagallalaryň ähmiýeti öz beýanyny tapýar. Gutlagda şeýle sözler aýdylýar:
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu serginiň we ylmy maslahatyň tejribeleri alyşmakda, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş, bilim we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu işler döwrebap düzümleri döretmäge, ynsan saglygyny, bagtyýar we abadan durmuşy pugtalandyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, sagdyn durmuş kadalaryny, köpçülikleýin sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim edaralarynyň, stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport meýdançalarynyň gurulmagy bu ulgamlary düýpli özgertmekde uly üstünlikleri gazanýandygymyzyň aýdyň güwäsidir. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabatlanyp, paýtagtymyz Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň, şeýle hem dünýä meşhur «Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ynsan saglygyny goramakda özgertmeleri dowam etdirýän berkarar döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.
Gadyrly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny ösdürmek ugrundaky aladalar anyk maksatnamalara daýanýar. Biz «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany», «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany», «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany» kabul edip, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň täze strategik ýollaryny kesgitledik. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlary esasynda, ilatymyzyň saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmek hem-de derman önümlerimizi, saglyk maksatly serişdelerimizi dünýä bazaryna çykarmak boýunça işleri netijeli ýola goýduk.
Sanly tehnologiýalaryň, kämil enjamlaryň we emeli aňyň lukmançylyga işjeň ornaşdyrylýan döwründe ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Bu asylly işde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy köp işleri bitirýär. Gaznanyň çylşyrymly operasiýalary hem-de bejergileri maliýeleşdirmekde, döwrebap çagalar lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny we enjamlaşdyrylmagyny goldamakda, ýurdumyzyň hassahanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, howandarlyga mätäç çagalara jemgyýetçilik we maddy goldaw bermekde, halkara ynsanperwerlik kömegini hem-de hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde amala aşyrýan işleri nusgalykdyr.
Hormatly adamlar!
Biz dostlugyň köprüsi hasaplanýan bilimi hem-de parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmäge uly üns berýäris. Milli maksatnamalarymyza, konsepsiýalarymyza we strategiýalarymyza laýyklykda, iň kämil enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň sanyny artdyrýarys, öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligini ýokarlandyrýarys. Bu bolsa ylymly-bilimli, ýokary jogapkärçilikli, päk ahlakly, watançy nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Şu ýyl Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlaryny dabaraly açdyk, döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepleri ulanmaga berdik. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport binalaryny gurup, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem ösdürýäris, türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem uly goşant goşýar. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän iri sport ýaryşlary Türkmenistanyň sport abraýyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär. Biz bu işleri geljekde hem giň gerimde dowam ederis.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin.
