Aşgabatdaky «KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi hünärmenleri işe kabul edýändigini habar berýär

MilliInfo
Aşgabatdaky «KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi hünärmenleri işe kabul edýändigini habar berýär

«KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi işjeň we maksada okgunly hünärmenler üçin gapylaryny giňden açýar. Merkez özüni professional toparyň bir bölegi bolmaga taýýar hasaplaýan we ýaşy 40-dan geçmedik ýaşlary işe çagyrýar.

Boş iş orunlary:

  • Awtoslesar

  • Awtoelektrik

  • Ýangyç enjamlary boýunça hünärmen

  • Motorçy

  • Agregatçy

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Aşgabat şäherinde hemişelik ýazgyda bolmagy hökmanydyr;

  • Türkmen we rus dillerini erkin bilmek (artykmaçlyk berýär).

Bu öz ukyplaryny ösdürmek, döwrebap tehnikalar bilen işlemek we durnukly kompaniýada ygtybarly karýera edinmek isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Arza tabşyrmak isleýän dalaşgärler zähmet depderçesiniň göçürmesi we doldurylan anketasy bilen merkeze ýüz tutmalydyrlar.

Habarlaşmak üçin:

Salgy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602 («KAMAZ» okuw-hyzmat merkezi)

Goşmaça maglumat üçin telefon: +993 64 074328

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info