Dünýäniň alymlary Aşgabatda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini maslahatlaşýar

MilliInfo

13 Iýun, 2026

Dünýäniň alymlary Aşgabatda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu maslahat ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm meýdança bolup hyzmat edip, sanly tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ylmy gözlegler bilen tanyşmaga şert döredýär.

...Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralýan iki günlük halkara maslahata türkmen alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň birnäçe döwletleriniň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Utgaşykly görnüşde geçirilýän forumyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, hususan-da, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täze taslamalar görkezildi.

Umumy mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Soňra dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar alyp barýan ylmy işleri baradaky çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýetiň we jemgyýetiň durnukly ösüşinde ylma, innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Şunda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň, ylmy barlaglaryň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Günüň ikinji ýarymynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular.

13-nji iýunda halkara ylmy maslahat Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasion ykdysadyýet»; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ynsanperwer ylymlar» atly bölümçelerde öz işini dowam eder.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleri we beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şeýle hem myhmanlaryň ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info