41-nji Los-Anjeles marafonynyň ýeňijisi diýseň dartgynly we täsirli pursatlar bilen kesgitlendi.
Amerikaly professional ylgawçy, şol bir wagtyň özünde mekdep mugallymy we tälimçisi bolan Natan Martin pellehanada kenýaly Maýkl Kamaundan bary-ýogy 0,01 sekunt öňe geçdi. Bu netije ýaryşyň taryhynda iň ýakyn pellehana geliş hökmünde hasaba alyndy.
Keniýaly ýeňil atletikaçy Kamau ýeňşe ynamly barýan ýaly görünýärdi, emma Martin iň soňky pursata çenli ony ýetip almaga synanyşdy we maksadyna ýetdi. Marafonyň ýeňijisi resmi taýdan diňe «foto-finişiň» netijesi boýunça kesgitlenip, birinji orun amerikaly türgen Natan Martina berildi (2 sagat 11 minut 18 sekunt).
Baýrakly orunlaryň üçlügini bolsa başga bir kenýaly ylgawçy Enýu Nigat 2:14:23 netijesi bilen jemledi.