UEFA Çempionlar ligasy: 1-nji tapgyryň ahyrky netijeleri

MilliInfo

19 Sentýabr, 2025

18-nji sentýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminiň birinji tapgyrynyň ahyrky oýunlary geçirildi. Dartgynly duşuşyklar futbol janköýerlerine gyzykly pursatlary bagyşlady. Geliň, birinji tapgyrynyň ahyrky oýunlarynyň netijelerine seredip geçeliň:

  •  «Kopengagen» – «Baýer» – 2:2

  • «Brýugge» – «Monako» – 4:1

  • «Aýntraht Frankfurt» – «Galatasaraý» – 5:1

  • «Sporting» – «Kaýrat» – 4:1

  • «Nýukasl Ýunaýted» – «Barselona» – 1:2

  • «Mançester Siti» – «Napoli» – 2:0

UEFA Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 30-njy sentýabrda we 1-2-nji oktýabrda geçiriler. Ikinji tapgyryň gyzykly duşuşyklarynyň çäginde öňki çempion «PSŽ» «Barselonada» myhmançylykda bolar. Taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar ligasyna gatnaşýan «Kaýrat» bolsa «Real Madridi» kabul eder. Şeýle-de, «Çelsi» «Benfikany», «Galatasaraý» bolsa «Liwerpuly» kabul eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info