UEFA Çempionlar ligasy 2026/2027: «Bawariýa» deňlik bilen çäklense, «Mançester» ahmyrda galdy

MilliInfo

2 sagat öň

UEFA Çempionlar ligasy 2026/2027: «Bawariýa» deňlik bilen çäklense, «Mançester» ahmyrda galdy

Geçen agşam — 14-nji oktýabra geçilen gije UEFA Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň umumy böleginiň 2-nji tapgyrynyň dokuz duşuşygy geçirildi. Biz şol oýunlaryň netijelerini dykgatyňyza ýetirýäris.

Çempionlar ligasynyň oýunlarynyň netijeleri, umumy tapgyr, 14-nji oktýabra geçilen gije:

  • «Lans» — «Sporting» — 0:2;

  • «Sabah» — «Slawiýa» — 2:0;

  • «Wiking» — «Bawariýa» — 3:3;

  • «Atletiko» — «Mançester Ýunaýted» — 2:0;

  • «Wilýarreal» — «Napoli» — 3:1;

  • «Galatasaraý» — «Barselona» — 1:4;

  • «RB Leýpsig» — PSW — 1:0;

  • «Inter» — «Brýugge» — 3:4;

  • «Arsenal» — «Lill» — 3:0.

Ýatladyp geçsek, UEFA Çempionlar ligasynyň häzirki çempiony Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparydyr. 2025/2026-njy ýyllaryň ýaryş möwsüminiň finalynda Parižiň kluby Londonyň «Arsenal» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. 11 metrlik urgular bolsa parižlileriň tarapynda bolupdy — 4:3. Ýaryşyň şu möwsüminiň final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 5-nji iýunynda Madrid şäherindäki «Metropolitano» stadionynda geçiriler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info